TEHNOLOGIÝA

“Nokia” 200 megapikselli telefon öndürer

“Nokia” şereketi soňky ýyllarda arzan “Android” telefonlary öndürip, ýakynda telefon bazaryna gaýdyp gelipdi. Gelen habarlara görä, şereket täze “Nokia N73” telefonynyň üstünde işleýär. Şereket bu telefonda kamera üns berjekdigini mälim etdi.

Şereketiň aýtmagyna görä, täze telefon 200 megapikselli ISOCELL HP1 kamera sensory bilen üpjün ediler.

Şuňa meňzeş sensorly telefony “Motorola” şereketi hem taýýarlaýar. “Xiaomi” şereketi-de şu ýylyň ikinji ýarymynda öz telefonynda şu sensory ulanar. “Samsung” şereketi bolsa “Galaxy S23” telefon seriýasynda 200 megapiksel ISOCELL HP3 sensoryny ulanmaklygyna garaşylýar.

 

 

Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi