DÜNÝÄ

Baýden Ýaponiýa we Günorta Koreýa barar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden maý aýynda Ýaponiýada we Koreýa Respublikasynda saparda bolar. Bu barada Ak Tamyň metbugat sekretary Jen Psaki habar berdi.

– Prezidenti Jozef Baýden 20-24-nji maý aralygynda Koreýa Respublikasynda we Ýaponiýada saparda bolar. Bu sapar ABŞ bilen bu ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir – diýlip, Psaki belleýär.

Bellenilip geçilişi ýaly, Baýden bu saparynyň çäklerinde ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen ikiçäk duşuşyklaryny geçirer. ABŞ-nyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Ýun Sok Ýel we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Funio Kisida bilen duşuşar.

Duşuşyklarda howpsuzlyk, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, takyk netijeleri almak üçin hyzmatdaşlyklary ýygjamlaşdyrmak ýaly ugurlardaky meseleler boýunça pikir alşarlar.

Baýden bu saparynyň çäklerinde Tokioda Awstraliýanyň we Hindistanyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşar.

 

Gök reňkdäki göwher satyldy

Ýene-de okaň

Türkmen-owgan ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi

Gyrgyzystanyň bilim we ylym ministriniň Aşgabada iş sapary guralar

Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy maslahatlaşyldy

Şalwa Papuaşwili: Türkmenistan bilen ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-BAE işewürler forumyny Aşgabatda geçirmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk işleri işjeň tapgyrda dowam edýär