Türkiýe -Türkmenistan ugurly ýene bir uçar gatnawy amala aşyrylýar. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda berilýän maglumata görä, şu ýylyň 1-nji maýynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar. Bu uçar gatnawy barada biz öň saýtymyzda ilkinji bolup habar ýerleşdirendigimize garamazdan, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda bu barada habaryň şu gün peýda bolandygyny hasaba alyp, agzalan habara salgylanyp, habary okyjylarymyza ýetirýäris.
Bu ýörite uçar gatnawyny Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy amala aşyrar. Bu habarda hususan-da, Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitmek mümkinçiligi göz öňünde tutulyp, habar berlipdir. Habarda Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan Russiýanyň raýatlarynyň bu gatnawdan peýdalanyp biljekdigi aýdylýar. Has içgin maglumat üçin “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Aşgabatdaky şahamçasy bilen habarlaşyp boljakdygy bellenilýär.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.