Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 167-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Singapuryň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýäniň hem-de Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Özbegistanyň we Owganystanyň işewürleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 69 million dollaryna golaý boldy.
Gazagystanyň telekeçileri manat serişdelerine bahasy 567 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 99 müň 400 dollaryna barabar nah ýüplügi hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, umumy bahasy 160 million manada golaý ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Prezidentini gutlady