Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda atçylygyň milli medeniýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän ähli işler özgertmelere gönükdirilen bitewi syýasatdan gelip çykýar we şunda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine hem-de aýawly saklanylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Köp sanly rowaýatlarda we kyssalarda weplalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewler taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler hem-de kemala getirdiler. Ady rowaýa öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy we ylham joşguny, onuň milli baýlygy bolmagynda galýar.
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary bilen ýurdumyzda behişdi bedewler bilen bir hatarda türkmen alabaý itleriniň hem at-abraýy belent derejelere ýetirilýär.
Golaýda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda boldy. Şonda milli Liderimiz Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen alabaýa at dakyp bermek haýyşlaryny kabul edip, ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy.
Milli Liderimiz: «Goý, bu alabaý ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň täze eýýamynyň batly gadamlarynyň, halkymyzyň belent ruhunyň nyşanyny özünde jemläp, edermenligiň, wepadarlygyň ajaýyp nusgasyny görkezsin!» diýip, ýagşy arzuwlar etdi.
Milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak hem-de dünýä ýaýmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Jeren Akmämmedowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.