JEMGYÝET

Milli synçylar saýlaw möwsümine syn edýärler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-sy Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy. Bu barada “saylav.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Şolardan: 544-si Türkmenistanyň demokratik partiýasy, 355-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 390-sy Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 520-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy, 290-sy Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 525-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan, 84-si bolsa raýatlar toparlary, 18-si hem dalaşgärler tarapyndan bellenildi.

Milli synçylaryň 47,76 göterimi zenanlardyr.

Özygtyýarlyklarynyň çäklerinde milli synçylar saýlaw möwsüminiň kanunalaýyklykda  geçirilişine syn edýärler.

Munuň özi mukaddes Watanymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň aýanlykda we açyklyk ýörelgeleri esasynda geçiriljekdigini äşgär edýär.

 

04-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Ispaniýa ilkinji ýarym finalçy

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Liderler Şirgazi Medresesini inceledi

vepa