Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç Öwezgeldiýew 1977-nji ýylyň 8-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje obasynda doguldy. Milleti türkmen.
1984 — 1992-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 5-nji orta mekdepde okady.
1992 — 1995-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde okady.
1995 — 1997-nji ýyllarda harby gullukda boldy.
1997 — 2001-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň sanitar lukmanynyň kömekçisi bolup işledi.
2001 — 2007-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony gigiýenist, epidemiolog, sanitar lukmany hünäri boýunça tamamlady.
2007-2008-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň intern lukmany bolup işledi.
2008 — 2012-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň arassaçylyk-gigiýena bölüminiň jemagat gigiýenasy boýunça sanitar lukmany bolup işledi.
2012-nji ýylyň aprel — awgust aýlarynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň arassaçylyk-gigiýena bölüminiň müdiri, gullugyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işledi.
2012-2013-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.
2013 — 2015-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işledi.
2015-2016-njy ýyllarda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işledi.
2016 — 2018-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işledi.
2018-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, üç çagasy bar.
Ahal welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlendi.
***
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄR MAKSATMYRAT AŞYRGELDIÝEWIÇ ÖWEZGELDIÝEWIŇ MAKSATNAMASY
Men Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy wezipesinde işleýärin. Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlän Ahal welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde abraý, uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan ýagdaýymda, men türkmen halky üçin il-ýurt bähbitli şu işleriň amala aşyrylmagyny özüme baş maksat edip goýdum.
Döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, jemgyýetimizde demokratiýany has-da ösdürmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy we medeni özgertmeleriň hukuk binýadyny yzygiderli berkitmäge hem-de milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk derejede kämilleşdirmäge gönükdirilen işleri giň gerim bilen alyp barmak üçin ähli tagallalary etjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.
Özara ynanyşmaga esaslanýan hoşniýetli, taraplara bähbitli gatnaşyklaryňwe hyzmatdaşlyklaryň has-da giňelmegi, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy, milli bähbitlere laýyk gelýän köpýyllyk hyzmatdaşlygyňhil taýdan täze derejelere çykarylmagy, parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde ata Watanymyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk hem artmagy üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmegi dowam etdireris.
Ata Watanymyz Türkmenistan bu gün ykdysady taýdan dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny innowasion esasda sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek esasy wezipeleriňbiri bolup durýar. Bu babatda, ilki bilen:
— ilata edilýän lukmançylyk we beýleki hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň hilini ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygy hakyndaky aladalar, halkymyzyň zähmet hem-de dynç alyş şertlerini gowulandyrmak meseleleri bilen meşgullanýan ähli edaralaryň we gulluklaryň işini ýokary derejede guramak mydama döwletiň üns merkezinde saklanar.
Ýurdumyzda ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, ýokary hünär derejeli alymlaryň täze neslini kemala getirmek boýunça hem ulgamlaýyn işler alnyp barlar.
Daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamyň saglygyny goramagyň möhüm bölegi bolan azyk önümleriniň hiline berk gözegçilik etmek, ilatyň durmuş medeniýetini ýokarlandyrmak, bedenterbiýäni we sporty adamlaryň durmuşyna köpçülikleýin ornaşdyrmak, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek barada yzygiderli alada ediler.
Milli medeniýeti ösdürmek, mirasa sarpa goýmak, milli gymmatlyklary aýawly saklamak, dikeltmek we üstüni ýetirmek, adamlarda ruhubelentligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemek meseleleri döwletiň hemişe üns merkezinde bolar. Munuň özi türkmen halkynyň geçmişdäki baý medeni mirasy bilen şu günki bagtyýar durmuşynyň bir bitewülige jemlenmegini, sözüň doly manysynda, milletiň ruhy galkynyşynyň emele gelmegini üpjün eder.
Sebitde we dünýäde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasatymyzy yzygiderli dowam etdireris. Dünýäniň dostlukly döwletleri, doganlyk halklary we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze derejelere çykararys, hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzy dowam etdireris, şeýle syýasat geljekde-de türkmen döwletiniň hemişelik ýörelgesi bolar.
Ýurdumyzyň ykdysady binýadyny has-da berkitmek üçin ösüşiňýokary depginlerini gazanmak, çig mallary we önümçilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ýangyç-energetika, himiýa, dokma, oba hojalyk pudaklaryny has-da ösdürmek, hususy telekeçiligi işjeňgoldamak, ykdysadyýetimiziň dünýäniň hojalyk ulgamyna giňden goşulyşmagyny üpjün etmek, daşary söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, adamlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek ýaly meseleler döwletiň üns merkezinde bolar.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagy, ozaly bilen, ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklaryny, ýagny nebitgaz we mineral serişdeler, energetika, himiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk, söwda we syýahatçylyk pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek arkaly amala aşyrmak esasy maksadymyzyňözenini düzer.
Nebitiň we gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak, olaryň gaýtadan işlenilişini kämilleşdirmek, şeýle hem tebigy gazyň daşary ýurtlara iberilişini has-da artdyrmak göz öňünde tutular.
Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamasynyň çäklerinde oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, daýhanlaryňoba hojalyk ekinlerinden bol hasyl hem-de netijeli girdeji almaklary, alyjylaryň bolsa ýokary hilli önümleri elýeter bahadan satyn alyp bilmekleri üçin şertleri döretmek bu ugurda wajyp meseleleriňbiridir. Türkmenistanyň tebigy howa şertleri oba hojalyk önümleriniň köp görnüşlerini: ekologik taýdan arassa gök önümlerden we miwelerden başlap, dokma senagaty we senagatyň beýleki pudaklary üçin gymmatly taýýar önüme çenli dürli önümleri öndürmäge mümkinçilik dörediler.
Obalarda kärendeçileriň, ýer eýeleriniň öndüren oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň hasabyna ahyrky önümiň öndürilişiniň giňden ýola goýulmagy, önümleri gaýtadan işleýän hususy kiçi kärhanalary döretmek baradaky raýatlaryň islegleriniň ähli çäreler arkaly goldanylmagy, şeýle hem täze, döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň we maldarçylyk toplumlarynyň gurulmagy, halkymyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň depgini has-da güýçlendiriler.
Türkmen halkynyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen maksatnamalary amala aşyrmak biziň her birimiziň öňümizdäki örän jogapkärli wezipe bolup durýar. Şol wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň ähli raýatlary bilen agzybirlikde, döredijilikli, joşgunly zähmet çekip, uly üstünlikleri gazanjakdygymyza pugta ynanýaryn.
Saýlaw-2022: Türkmenistanda GDA-nyň synçylar wekilligi öz işine başlady