Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün Hamallar üçin birneme synagly bolup biler. Ozal ýeňil görünýän käbir meseleleri çözmek üçin has köp tagalla etmeli bolarsyňyz. Goldawyna bil baglan adamlaryňyzyň garaşylmadyk ýagdaýda kömek edip bilmezligi mümkin. Şeýle ýagdaýlar öýke-kine ýa-da nägilelik döredip bilse-de, duýgularyňyzy gözegçilikde saklamak möhüm bolar. Howlukmaç karar kabul etmekden we ýiti sözlerden gaça duruň. Şahsy gatnaşyklarda düşünişmezlikler ýüze çykyp biler şonuň üçin maşgala bilen bagly möhüm meseleleri başga güne goýmak has ýerliklidir.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün durmuşyňyzy nähili ýeňilleşdirip boljakdygy barada pikirlenip görüň. Käbir tagallalaryňyz netije bermezligi mümkin, sebäbi dogry pursaty saýlap bilmersiňiz ýa-da güýjüňizi nirede ulanmalydygyňyza derrew düşünmersiňiz. Sowurlaryň köpüsi adatdakysyndan tapawutlylykda howlukmaç karar kabul etmäge ýykgyn bolarlar. Şeýle ýagdaýda soňundan has seresap bolmandyklaryna ökünmekleri hem mümkin.Adamlar bilen gatnaşyklarda hem gün aňsat bolmaz. Käbir oňaýsyz ýagdaýlar hut siziň öz ünsden düşüren kemçilikleriňiz sebäpli ýüze çykyp biler. Söýgi gatnaşyklarynda ilkinji ädimi ätmäge ýa-da duýgularyňyzy açyk beýan etmäge howlukmaň. Günüň ikinji ýarymynda özüňizi gujurly we ruhubelent duýarsyňyz.Agşama tarap täze ýerleri görmek ýa-da gyzykly çärelere gatnaşmak mümkinçiligi dörär.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün Jöwzalar üçin dürli syrly wakalar we garaşylmadyk ýagdaýlar bilen tapawutlanar. Döreýän meseleleriň düýp sebäbine düşünmek üçin seljeriş ukyby gerek bolar. Maliýe meselelerinde aýratyn seresaplyk görkezmek maslahat berilýär. Möhüm resminamalary we geleşikleri ýene bir gezek barlamak peýdaly bolar. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda bolsa beren wadalaryňyzy ýerine ýetirmek we açyk gepleşik geçirmek düşünişmezlikleriň öňüni almaga kömek eder.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Günüň başynda käbir ownuk meseleler ýüze çykyp biler. Emma olaryň bir bölegi öz-özünden çözüler galanlaryny bolsa ýakynlaryňyzyň kömegi bilen ýeňip geçersiňiz. Uzak ýerlerden hoş habarlar gelmegi ýa-da gyzykly çakylyklary almagyňyz mümkin. Şeýle ýagdaýlarda içki duýgyňyza bil baglaň ol size dogry çözgüdi görkezer.Şeýle hem Seretanlar başgalaryň ünsüni aňsatlyk bilen özlerine çekerler. Munuň üçin aýratyn tagalla etmek hem gerek bolmaz.Täze söýgi duýgularynyň döremegi mümkin. Şeýle gatnaşyklaryň tiz wagtda çynlakaý häsiýete eýe bolmak ähtimallygy ýokarydyr.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün Esetleriň meýilnamalarynda käbir üýtgeşmeler bolup biler. Garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli öňünden düzülen meýilnamalary üýtgetmeli bolarsyňyz. Şeýle-de bolsa, siz täze şertlere üstünlikli uýgunlaşyp bilersiňiz. Günüň ikinji ýarymynda oňyn ýagdaýlaryň täsiri güýçlenip hoş habarlar we peýdaly duşuşyklar ýüze çykar. Söýgi gatnaşyklarynda hem ýakymly pursatlar garaşýar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün gyzykly wakalara baý bolar. Irden gowy başarýan işleriňizden başlaň: tertip-düzgün döretmek, gereksiz zatlardan dynmak we meýilnamalaryňyzy täzeden gözden geçirmek. Soňky günlerde bolan wakalary seljereniňizden soň käbir Sünbüleler goýberen ýalňyşlyklaryna düşünip olary düzetmegiň ýoluny taparlar.Käbirleri bolsa uzak wagtlap aladalandyran meseleleriniň aslynda beýle möhüm däldigine göz ýetirerler. Şeýlelikde, günortana çenli birnäçe ýakymsyz pikiri aňyňyzdan çykaryp, şatlyk üçin täze sebäpleri taparsyňyz.Günüň ortasy adamlar bilen gatnaşyklar üçin örän amatly bolar. Ozal siz bilen aragatnaşykdan gaça duran ýa-da özüni ýokary tutýan adamlar bilen hem aňsat düşünişersiňiz. Şeýle tanyşlyklar diňe bir gyzykly söhbetdeşlige däl eýsem uzak ýyllap dowam etjek dostluga hem öwrülip biler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Mizanlaryň dynç alyş meýilnamalary garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli üýtgäp biler. Çözülmeli täze meseleler ýüze çykyp, dürli duşuşyklara gatnaşmaly bolarsyňyz. Şeýle-de bolsa, kyn ýagdaýlardan üstünlikli çykalga taparsyňyz. Pul bilen bagly meselelerde seresap bolmak we töwekgelçilikli tekliplerden gaça durmak maslahat berilýär. Maşgala gatnaşyklarynda ýüze çykýan düşünişmezlikleri sabyrlylyk bilen çözmek mümkin bolar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün has çylşyrymly işleri saýlamakdan çekinmäň. Ýyldyzlar siziň tarapyňyzda bolar şonuň üçin öň başa barmadyk meselelerde hem üstünlik gazanmak mümkinçiligi dörär. Mundan başga-da, ähli zady ýeke özüňiz etmeli bolmarsyňyz. Meýilnamalaryňyz barada gürrüň beren adamlaryňyz size kömek etmek islärler.Şeýle hem peýdaly tanyşlyklaryň döremegi mümkin.Günüň ikinji ýarymynda maliýe meselelerinde Akraplaryň köpüsine şowlulyk ýar bolar. Köne bergileriň yzyna gaýtarylmagy öwez tölegleriniň berilmegi ýa-da ýalňyşlyk sebäpli salnan jerimeleriň ýatyrylmagy mümkin. Şeýle hem maliýe bilen bagly uzak wagtlap dowam eden jedeller siziň peýdaňyza çözülip biler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün eşiden zatlaryňyzy ýatda saklamaga çalşyň. Möhüm maglumatlar dürli çeşmelerden gelip biler. Tötänleýin eşiden bir gürrüňiňiz geljekki meýilnamalaryňyzy kesgitlemäge kömek edip biler. Käbir Kowuslar dostlaryndan ýa-da tanyşlaryndan ýakyn wagtda peýdasy degjek täze maglumatlary öwrenerler.Öň çözülmegi kyn görünýän meseleleriňizi bu gün aňsatlyk bilen çözüp bilersiňiz. Şeýle hem köp wagt we güýç sarp edilen işleriň üstünlikli tamamlanmagy mümkin.Ýakynlaryňyz bilen gatnaşykda käte dartgynly pursatlar bolup biler. Hatda hemişe sizi goldaýan adamlar hem käbir tankydy bellikleri aýdyp bilerler. Şeýle ýagdaýlarda duýgularyňyzy gözegçilikde saklamaga çalşyň. Hut sabyrlylygyňyz düşünişmezlikleriň öňüni almaga kömek eder.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Jediler üçin bu gün jogapkärçilikli çemeleşmäni talap eder. Maliýe meselelerinde seresap bolmak we gereksiz çykdajylardan gaça durmak maslahat berilýär. Ýakyn adamlaryňyz siziň goldawyňyza mätäç bolup biler. Söýgi gatnaşyklarynda ýüze çykýan ownuk düşünişmezlikler açyk gepleşikleriň netijesinde tiz wagtda çözülip biler.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Daluwlar üçin bu gün dynç almak we özüňize wagt sarp etmek üçin amatly bolar. Täze pikirleriň döremegi, hünär meýilnamalarynyň üýtgemegi mümkin. Dostlar we garyndaşlar bilen geçirilen wagt ýakymly täsir galdyrar. Agşam sagatlarynda öý işleri bilen meşgullanmak islegi dörese-de, dynç almaga hem wagt tapmagy ýatdan çykarmaň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün şatlykly wagt geçirmek üçin döredilen ýaly. Gyzykly söhbetdeşlikler, ylham beriji duşuşyklar we dürli dynç alyş çäreleri size köp oňyn duýgulary bagyşlar. Eger sizi üýtgeşik bir çärä çagyrsalar ýüz öwürmäň. Ol ýerde diňe bir wagtyňyzy gowy geçirmek bilen çäklenmän peýdaly tanyşlyklary hem gazanyp bilersiňiz.Käbir Hutlar çagalyk ýa-da ýaşlyk ýyllaryndaky dostlary bilen duşuşarlar. Şeýle duşuşyklar ýakymly ýatlamalary oýarar. Şeýle hem täze umumy meýilnamalaryň döremegi mümkin. Olaryň arasynda geljekde bilelikde amala aşyryljak iş taslamalary hem bolup biler. Häzirlikçe anyk ädimler barada pikirlenmegiň wagty däl diňe ýakymly söhbetlerden lezzet almak ýeterlikdir.Bu gün köne gatnaşyklary dikeltmek üçin hem amatlydyr. Eger siz ýakyn adamyňyz bilen gatnaşygyňyzy bes eden bolsaňyz we indi ony täzeden dikeltmek isleýän bolsaňyz, ilkinji ädimi etmekden çekinmäň. Şeýle hem uzak wagtlap gizläp gelen duýgularyňyzy açyk beýan etmek üçin amatly pursatdyr.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
