SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenabatdan Moskwa nobatdaky ýörite uçar gatnawy

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda nobatdaky ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu gatnawyň 18-nji fewralda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda mälim edilýär.

Ilçihananyň jemgyýetçilik torunda ýerleşdirilen beýanatda, 18-nji fewralda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýerine ýetiriljek gatnaw üçin awiapetekleriň satuwynyň 15-nji fewralda başlanjakdygy bellenilýär. Awiapetekleri “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynda satylyp başlanjakdygy mälim edilýär.

Bu ýörite gatnaw koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeleriň çäklerinde ýerine ýetiriljek 36-njy gatnaw bolar.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem habar berşimiz ýaly, soňky gezek Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnaw 11-nji fewralda amala aşyrylypdy.

Şeýle hem Türkmenistana ýörite gatnawy amala aşyrýan awiakompaniýalaryň biri hem “Türkhowaýollary” awiakompaniýasydyr.
Bu awiakompaniýa şu ýylyň 13-nji fewralynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyryldy.
 “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy