SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkhowaýollary” ýene bir gatnaw amala aşyrýar

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna beren maglumatyna görä, şu ýylyň 13-nji fewralynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Bellemeli zat, öň habar berşimiz ýaly, Russiýanyň “S7 Airlines” awiakompaniýasy tarapyndan 11-nji fewral Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnaw göz öňünde tutulýar.

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy Türkmenistan ugry boýunça şu wagta çenli birnäçe  ýörite gatnawlary amala aşyrdy. Ýörite gatnawlar babatda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň hem birnäçe gatnawy amala aşyrandygyny bellemek gerek.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu awiakompaniýa 2022-nji ýyldaky ilkinji halkara ýörite gatnawyny 4-nji ýanwarda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýerine ýetirdi.

Şeýle hem kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, awiakompaniýa 9-njy ýanwarda we 3-nji fewralda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawlaryny amala aşyrdy.

Umuman, ýörite gatnawlar babatda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy hem 30-dan gowrak gatnawy ýerine ýetirdi. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde bu kompaniýa ýaňy-ýakynda, 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarda 34-nji ýörite gatnawyny gurady.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Iordaniýa syýahatçylar üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Täze serhetara syýahatçylyk ugry Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirer

Türkmenistanda ilkinji gezek rizotomiýa operasiýasy üstünlikli geçirildi

“Türkmenhowaýollary” Kazan we Jidde ugurlaryna uçar gatnawlaryň sanyny artdyrýar

Türkiýäniň syýahatçylyk girdejisi artdy

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça uçar gatnawlary amala aşyrylýar