BILIM

Harby instituta okuwa kabul etmegiň tertibi: 2022

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2022-2023-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň TERTIBI çap edildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň 2022-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky sanynda çap edilen bildirişi www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň okyjylaryna ýetirýäris. 

  1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna Watana, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlakly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryňişgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyňraýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär:

— orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

— Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlar;

— harby gulluk ýa-da harby ýygnanyşyklar döwründe harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

— harby gullugy ýa-da harby ýygnanyşyklary geçen döwründe özleriniň harby gullugy geçmekleri bilen baglanyşykly maýyp bolanyňýa-da ýaralanyp, synasyna şikes ýetip, seňse bolup, kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşan (harby ýygnanyşyklar tamamlanan) gününden soň, bir ýylyňdowamynda aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

— borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar.

Dalaşgärleriň ýaş derejesi 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

Harby institutda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly.

  1. Harby institutda okamaga isleg bildiren dalaşgärler ýaşaýan ýerleri boýunça ýerli harby wekilleriň adyna 2022-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly.

Dalaşgärleriň arzasynyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:

— ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we Türkmenistanyň islendik çäginde gulluk etmegine razylygy baradaky dil haty (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýlarynda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen maglumat haty);

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy (eger-de dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada kepilnama);

— Türkmenistanyň raýatynyňTürkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyňn usgasy;

— bellenen nusgada doldurylan hem-de harby wekillik ýa-da harby bölüm tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjimehal, hünärmen saýlawynyň kartasy;

— harby şahadatnamanyň nusgasy;

— dogluş hakynda şahadatnamanyň, nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamanyň, eger-de nikasy bozulan bolsa, nika bozulandygy hakynda şahadatnamanyň tassyklanan nusgasy;

— lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça deri wenerologik, inçekesel hassahanalaryndan hem-de neşekeşlik, arakhorluk we ruhy keseliniň öňüni alyş merkezlerinden kepilnama);

— iň soňky okan, işlän ýa-da gulluk eden ýerinden häsiýetnama;

— maşgala ýagdaýy barada kepilnama;

— ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň iş ýerinden kepilnama (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar işlemeýän bolsalar, olaryň işlemeýändikleri barada degişli etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna ýazylan dil hatlary);

— zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy;

— bilim hakyndaky resminamanyň (şahadatnamanyň, diplomyň) tassyklanan nusgasy;

— harby wekillikde ýa-da harby bölümde geçirilen ilkinji synaglaryň bahalandyryş sanawnamasyndan göçürme, synag toparynyň beýan ýazgysy;

— özüniň we ýakyn garyndaşlarynyň (16 ýaşdan ululara) jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa-da çekilmändigi hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden talapnama;

— 1 sany 9х12 ölçegde, 4 sany 4х6 ölçegde, 10 sany 3х4 ölçegde tassyklanan fotosurat;

— eger dalaşgäriň ýakyn garyndaşlaryndan aradan çykany bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamanyň, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň nikasy bozulan bolsa, nika bozulandygy hakynda şahadatnamanyň tassyklanan nusgasy.

  1. Harby institutda okamaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça synaglar geçirilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
  2. Dalaşgärler giriş synaglarynyň netijesi boýunça, bäsleşik esasynda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň synag toparynyň çözgüdine laýyklykda okuwa kabul edilýär.
  3. Giriş synagyny tabşyryp, Harby instituta okuwa kabul edilenler umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby egin başlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär hem-de olara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we möçberde talyp haklary tölenýär.

Kabul ediş topary.

 

Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek: 2022

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy