Ýanwar täze ýylyň ilkinji, gyşyň bolsa ortaky aýy. Futbol dünýäsinde ýanwara başgaça nazar bilen seredilýär. Ol gyşky transfer penjiresiniň açylýan we bir topar futbolçynyň topar çalyşýan aýy. Şu transfer penjiresindäki 3-nji ýanwar bilen bagly esasy täzelikleri habarymyzda okyjylarymyz bilen paýlaşmak isledik.
Holland ýanwarda hiç ýere gidenok
Žurnalist Fabrisio Romanonyň ýazmagyna görä, «Borussiýa Dortmundyň» ýyldyzy Erling Holland ýanwar aýynda topar bilen hoşlaşmaz.
Ýyldyz futbolça ýakyn çeşmelere salgylanan žurnalist bu barada «Twitterdäki» şahsy hasabynda şeýle ýazdy:
«Erling Holland, käbir gep-gürrüňlere garamazdan, ýanwar aýynda toparynda galar. Heniz ol soňky topary, umuman, geljegi barada belli bir karara gelmedi. «Realdyr» «Barselona» bilen hiç hili deslapky gepleşikler geçirilenok. Klublaryň arasynda Hollandy düzüme goşmak boýunça açyk ýaryş dowam edýär, ýöne bu ýaryşyň ýeňijisi ýanwarda belli bolmaz».
Lukaku Konte bilen işleşmek isleýär
«Gazzetta Dello Sport» neşirine görä, Romelu Lukaku «Interde» ozalky tälimçisi Antonio Konte bilen ýene bile işleşmek üçin «Tottenheme» geçip biler.
Mälim bolşy ýaly, soňky interwýusynda «Çelsidäki» nägileliklerini dile getiripdi. Bu hem ýyldyz futbolçynyň «Liwerpul» bilen bolan oýnuň düzüminden çykarylmagyna sebäp boldy. «Çelsiniň» düzümine geçen tomusda gaýdyp gelen hem bolsa, Lukaku topardaky ýagdaýlardan aç-açan nägile. Onuň esasy bile işleşmek isleýän tälimçisi bolsa Konte. Munuň üçin Lukaku ýakyn günlerde «Tottenheme» geçse, geň galmak bolmaz.
«Barselona» Moratany islemedi
«Barselonanyň» futbol boýunça direktory Matýe Alemani «Ýuwentusyň» hüjümçisi Alwaro Moratanyň soňky günlerde topara geçmegi baradaky gep-gürrüňlere ähmiýet bermeýändigini bildirdi. Ol bu barada şeýle diýdi:
«Hawi menden Ferran Torresi sorady, men hem oňa futbolçyny sowgat etdim. Başga gep-gürrüň ýok».