JEMGYÝET

Putinden milli Liderimize Täze ýyl gutlagy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin yetip gelýän Täze 2022-nji ýyl, şeýle hem Roždestwo baýramçylygy mynasybetli daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlaryna hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna gutlag hatlaryny iberdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Täze, 2022-nji ýyl bilen Türkmenistanyň Prezidentini hem gutlady. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Wladimir Putin hormatly Prezidentimize iberen gutlag hatynda dünýädäki çylşyrymly epidemiýa ýagdaýyna garamazdan, geçen ýyl strategiki hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi bilen tapawutlanandygyny nygtady.

Şeýle hem Russiýanyň Prezidenti Türkmenistan bilen Russiýanyň bilelikdäki tagallalary bilen ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde, şeýle hem Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerinde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginiň hem-de iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidi üçin halkara gatnaşyklarynda konstruktiw özara gatnaşyklary üpjün edip biljekdiklerine ynam bildirdi.

 

Gülşat Gurdowa: Halkyň hoş owazly bilbili

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary ikinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny eýeledi

Milli Liderimiz Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýanyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň belent münberinden täze başlangyçlary öňe sürdi

Ata Watan Eserleri