SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýede ýerli sanjym ulanylyp başlar

Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahretdin Koja koronawirusa garşy ýerli sanjym bolan «Turkovac»-y adamlara urup başlamaga rugsat alandyklaryny we onuň önümçiligine tapgyrlaýyn girişiljekdigini habar berdi.

Ýene 10 günden

Ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem düýnki çykyşynda muny tassyklady. Ol bu sanjymyň öndüriljek farmasetika kompaniýasy bilen göni ýaýlym arkaly baglandy. Kompaniýa öz işini Şanlyurfa şäherinden alyp barýar. Göni ýaýlym arkaly söhbetdeşlikde ýerli sanjymyň ýene bir hepdede, gaty gitse, 10 günde şäher hassahanalarynda ulanylyp başlanjakdygy habar berildi.

«Turkovac» «Sinovac» sanjymynyň düzümine çalymdaşdyr. Ol Erjiýes uniwersitetiniň we Saglygy goraýyş ministrliginniň Saglyk institutlary birleşiginiň alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Sanjymlaryň bu görnüşi öldürilen wiruslar arkaly goraýar.

Ýerli sanjym synag tapgyrlarynyň üçüsinden geçirildi. Üçünji tapgyra şu ýylyň iýun aýynda badalga berlip, ol ýakynda tamamlandy.

«Sinovac»-dan iki esse güýçli

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginiň Koronawirusa garşy göreşýän bilim guramasynyň wekili professor, doktor Ateş Karanyň aýtmagyna görä, ýerli sanjym panmediýadan goramaga ýokary derejede ukyplydyr. Ýerli alymlar onuň dünýäniň iň güýçli sanjymlarynyň biri bolup biljekdigine ynanýarlar. Hatda ol Türkiýede ozaldan ulanylyp gelýän «Sinovac» sanjymyndan hem iki esse güýçlüdir. Häzire çenli ýerli sanjymyň synag tapgyryna gatnaşan adamlaryň hiç biri hem bu howply ýokança ýolukmady.

«Turkovac»-y üç gezek urmak maslahat berilýär. Üçünji sanjym bedeniň iki gezek kabul edendäki göreşijiligini ozalkysyndan dört esse güýçlendirýär.

Ýerli sanjym «Omikrondan» gorarmy?

Şeýle-de bolsa ýerli sanjymyň koronawirusyň «Omikron» görnüşine garşy göreşijiligini güýçlendirmek üçin ýene-de goşmaça işleri geçirmek gerek bolar. Onsoň hem urlan sanjymyň täze görnüşden goraýandygyny anyklamak biraz wagt alyp biler. Ýöne alymlar üç doza sanjym alan adamlaryň has güýçli goraga eýe boljakdygyndan çen tutup, doly tamamlanan sanjymlaryň bedeni «Omikrondan» hem gorap biljekdigine ynanýarlar. Iň bolmanda, ol täze görnüşiň töwekgelçiligini ozalkysyndan ep-esli esse azaldyp biler.

Ýerli alymlar sanjymyň «Omikronyň» ýaýrap-ýaýramazlygyna baglylykda gaýtadan işlenmegine hem serederler. Ýöne sanjymy gaýtadan işlemek ýene biraz wagty talap edýär.

 

Telekeçilere döwlet sylagy

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy