JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz: geljekde-de telekeçileri hökman goldarys

Ministrler Kabinetiň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde çykyş eden hormatly Prezidentimiz söwda, dokma we telekeçilik ugurlary babatda degişli tabşyryklary berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak boýunça nobatdaky çäreleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz kiçi we orta telekeçiligi, aýratynda syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalara maddy-enjamlaýyn taýdan kömek bermelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz gyş paslynyň başlanandygyny, şoňa görä-de, bazarlaryň we dükanlaryň aýratyn-da, baýramçylyk günleri dürli önümler bilen bolelin bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy, esasy nyrhlaryň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däldigini belledi.

Senagatylar we tekeleçiler birleşmesiniň işleriniň güýçlendirilmelidigini bellän döwlet Baştutanymyz telekeçileri goldaýandyklaryny we geljekde hem hökmany goldarys diýip, belledi.

Hormatly Prezidentimiz öz öndürýän önümlerimizi eksporta ibermegiň möçberini artdyrmagy, şol harytlary beýleki döwletlerde mahabatlandyrmagyň hem üstünde köp işlemelidigini nygtap geçdi.

 

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berer

Ýene-de okaň

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy