JEMGYÝET

Narendra Modi milli Liderimizi Hindistana çagyrdy

Hormatly Prezidentimiziň adyna Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiden hat gelip gowuşdy. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Narendra Modi hormatly Prezidentimizi Hindistanyň Respublika gününiň baýramçylyk dabaralarynyň hormatly myhmany üçin Hindistana tüýs ýürekden çagyrdy.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär.

– Hindistan bilen Türkmenistany däbe öwrülen taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Maňa 2015-nji ýylda Siziň ýurduňyzda bolmak bagty miýesser etdi. 2010-njy ýylda Hindistana amala aşyran soňky saparyňyz Hindistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin mäkäm esas goýdy. 2019-njy ýylda ýola goýlan Hindistan-Merkezi Aziýa dialogynyň çäklerinde-de ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygymyzyň gerimi giňedi. Ýetip gelýän 2022-nji ýyl Hindistan we Türkmenistan üçin şanly ýyllaryň birine öwrüler hem-de diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslener. Onuň şu ýyl bellenýän taryhy senäniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň yzysüre bellenmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Geljek ýyl Hindistan üçin hem taryhy ýyllaryň biri bolar. Şonda biz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygyny baýram ederis. Şol wakalary bellemek üçin men Sizi 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Nýu-Deli şäherinde geçiriljek Respublikanyň gününiň baýramçylygyna hormatly myhman hökmünde Hindistana tüýs ýürekden çagyrmak isleýärin.

Respublikanyň gününiň hormatyna geçiriljek dabaraly ýörişe gatnaşmak üçin Siziň Ýaragly güýçleriňizden düzülen topary kabul etmek hem biz üçin uly hormat bolar.

 

ÝUNISEF Türkmenistana lukmanlar üçin şahsy gorag serişdelerini getirdi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara çäreleriň geçiriljek merkezlerine baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Klimow: Waşingtondaky sammit Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň täze eýýamyny görkezýär

ABŞ-nyň daşary işler ministri geljek ýyl Merkezi Aziýada saparda bolar

Milli Liderimiz: çagalaryň hiç biri hossarsyz däl, olaryň arkasynda dag ýaly döwleti durandyr

Ata Watan Eserleri