Kofe ösümligi Marenowlaryň maşgalasyna degişli. Ýabany görnüşde Afrikada we Aziýanyň daglyklarynda we tropiki klimatly ýerleriň hemmesinde duş gelýär. Kofe ösümliginiň köpsi iri baldakly agaç ýa-da iri gyrmysy agaç görnüşli. (1 – nji surat). Ululygy 8 metre çenli ýetýär. Ösümligiň hemme synalarynda kofeýin maddasy saklaýar. Sebäbi kofeýin maddasy ösümligi zyýankeşlerden goraýar. Miwesi 3 – 4 aýda ýetişip gyzyl goňur reňkli bolýar.
1 -nji surat
Kofe däneleriniň tasin häsiýeti has gadymy döwürlerden bäri belli bolupdur. Käbir maglumatlara görä kofe dänejikleriniň täsin häsiýetlerini ilkinji gezek Efiopiýaly çopan Kandamine belli bolupdyr.Çopanyň sürüsinden geçileriň biri kofe agajynyň ýapraklaryndan gerk – gäbe doýandan soň, bökjekläp başlaýan eken. Bu hadysany synlan çopan ýerli buthananyň kerematly atasyna gürrüň berýär. Keramatly ata kofe dänesinden demleme taýýarlap özünde synap görýär. Şondan soňra keramatly ata kofe agajynyň ýapraklaryndan demleme taýýarlap sakçylyk edýän buthana hyzmaçylaryna gijelerine sak durar ýaly içiripdir. Şeýlelik-de wagyt geçýär kofeniň taýýarlanyşynyň dürli görnüşleri ýüze çykýar. Ilki kofe däneleriniň guradylan gabygyny ulanypdyrlar, soňlugy bilen däneleri kömürde gowrupdyrlar. Häzirki döwürde kofe däneleri ýygylandan soň gury we öl usul boýunça gaýtadan işlenilýär. Gury usulda kofe däneleri işlenilende ýygylan hasyly günde guradylyp maşynlaryň kömegi bilen miwe ýanyny aýyrypdyrlar. Öl usulda bolsa, ýygylan miweleri ýuwujy aparatdan geçirip daşy aýrylýar. Kofe dänelerini 1 – 2 aý güneşde ýa-da peçde 50 – 60 gradusda guradýarlar. Ondan soňra kofe dänelerini gowurýarlar we döwýärler. Mudan başga – da iň gymat kofeleri taýýarlanyş usuly adaty kofeleriň taýýarlanyş usulyndan tapawutlanýar. Ýagny kofe dänelerini haýwanlaryň iýmit siňdiriş ulgamyndan geçýär. Däneler fermentizasiýa sezewar bolýarlar. Şol sebäpli kofeniň tagamy beýlekilerden düýpden tapawutlanýar. Şeýlelik-de “Kofe luwak” we “Blak iwory” dünýäniň iň gymmat kofeleri hasaplanýar.
Häzirki döwürde kofeniň 50 görnüşi belli. Iki görnüşi önümçilikde kofe içgisini taýýarlamak üçin peýdalanylýar. Ýer togalagynyň 2/3 bölegi “Arabika” kofesini içmegi halaýar. Arabika kofesi ýumşak tagamly we güçli ysly. Ilatyň 1/3 “Robusto” kofesini ulanýar. Robusto kofesi ajymtyk tagamly Arabika kofesinden 50 % kofeýini kop saklaýar. “Arabika” we “Robusto” kofelerini dänelerini daşky görnüşi boýunça tapawutlandyryp bolýar. Arabika kofesiniň dänesiniň merkezinden “S” şekili çyzyjak geçýär. “Robusto” kofe dänesinde bolsa, çyzyk göni ýerleşen .
2– nji surat
Şeýlelik-de kofe ösümligi asyrlaý boýy ynsanlaryň durmuşunda berk ornaşdy we köpleriň söýgüli içgisine öwrüldi. Şol sebäpli kofe ösümligi ösümlikler dünýäsiniň täsinligi diýsek ýalňyş bolmaz.
Hajyýewa Maýa Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy