DÜNÝÄ

Mask dünýäniň azyk meselesini çözmäge gatnaşmakçy

Umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň hemişe tarapynda durýan milliarder Ilon Mask ýene bir başlangyç bilenn çykyş edýär. Ol adamzadyň azyk bilen üpjünçiligi üçin öz eýeçiligindäki «Tesla» komppaniýasynyň paýnamalarynyň bir bölegini satmaga taýýar.

Bu barada Mask şeýle diýdi:

«Eger-de Bütindünýä Azyk maksatnamasy (WFP) 6 milliard dollarlyk serişdäniň Ýer ýüzündäki açlyk meselesini nädip çözüp biljekdigini düşündirse, men häziriň özünde «Teslanyň» paýnamalarynyň belli bir bölegini satmaga taýýar. Bu meseläni çözmäge goşant goşmak meniň üçin diýseň uly mertebe. Ýöne maliýe hasabatlarynyň iňňän anyk bolmagy gerek. Şunda puluň nämä we nirä sarp ediljekdigini görmek isleýärin».

Ilon Maskyň «Twitterdäki» şahsy hasabynda paýlaşan bu ýazgysy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem ol köp sanly seslenmelere eýe boldy.

«Tesladan» başga-da, «SpaceX» kompaniýasyny esaslandyran Ilon Mask «Forbes» neşiriniň şu hepdedäki maglumatlaryna görä, dünýäniň millarderleriniň sanawynda ýene-de birinji orna geçdi.

CNN neşiri dünýäde azyk meselesini oňyn çözmek üçin Ilon Maskyň umumy baýlygynyň diňe 2 göterimi hem ýeterlik bolup biler diýip ýazýar.

 

4 aýdan soňra wezipesinden boşadyldy

Ýene-de okaň

Tokaýew: Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip etdi

Mariýa Zaharowa: Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn hyzmatdaşy

Ilkinji ýokary derejeli “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” sammiti geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy