SIZDEN GELENLER

Üstünlige ýetmegiň ýollary

1. Üstünlige ýetmek üçin her bir zatdan netije çykarmagy başarmaly şeýle-de bahana döretmegiň öňüni almaly.

Üstünlige ýeten adamlaryň durmuşyna seredeniňde, ýa maşgala ýagdaýy, ýa-da iş durmuşynda dörän kynçylykdan netije çykarmagy başaran adamlardyr. Eden işiňiz  özüňe  ýa-da birileriniň göwnüne ýaramadyk ýagdaýynda bahana gözlemäň deregine, nirede ýalňyşlyk goýberendigiňize üns bermelisiňiz.

Durmuşyňyzda “ýalňyş” ýaly görnen wakalardan netiji çykarmagy başarsak, onda ýaňky düşünjämiz tejribe ýagdaýyna geler.

Eger şu düşünjäni özüňe endik etmegi başarsaňyz, şübhesiz üstünlige ýetmegiň ilkinji basgançagyny amala aşyrdygyňyzdyr.

  1. Öňüňde maksat goýmagy başarmaly.

Öňüňde goýlan maksat adamyň işe bolan höwesini artdyrýar. Her bir adam öz öňünde maksat goýmagy başarmaly.

Mysal üçin: birinji synpa gadam basan okuwçynyň harplary öwrenip, okamagy başarmak islegi onuň ilkinji öňünde goýan maksadydyr.

  1. Özüňe dogry meýilnama düzmegi başarmaly.

Gündelik durmuşda her bir adam özüne meýilnama çyzýar. Iş ýa-da okuw üçin düzen meýilnamamyz esasynda şol günümizi geçireris. Möhüm bolan zat hem öňümizde goýan meýilnamamyzyň dogry we dürs bolmagydyr.

Ders bäsleşigine taýýarlanýan okuwçy özüne meýilnama taýýarlanda, günüň dowamynda näçe sagat, näçe sahypa kitap okamalydygyny özüne gündelik meýilnama edip taýýarlaýar.

  1. Özüňi tanamagy başarmaly.

Her bir adam özüniň nämä ukyplydygyny bilip,şoňa görä hereket etmelidir. Aýdaly, sesimiziň gowy däldigine garamazdan, aýdymçy bolmaga synanyşmak, edilýän işiň netijesini bermez.

  1. Üstünlige ýetmek üçin işlemek, herekete geçmek gerekdir.

Käbir ýagdaýlarda az işlemegine garamazdan, sizden çalt üstünlige ýetýän adamlar bolýar.  Bu ýagdaý ol adamdan üstün çykmarsyňyz diýmek däldir, çünki aýdyljak bolýan adamyň sizden has köp tejribesi bolmak ähtimallygy hem bar. Bu ýagdaýda etmeli zatlaryň biri-de, köpräk hereket edip, netije gazanmakdyr.

  1. Ruhdan düşmezlik gerekdir.

Birki synanyşykdan soň bes edip ýa-da edýän işiňden ýadamak üstünlige ýetmekde gizlin päsgelçilikdir.Şol sebäpli-de ruhdan düşmezlik üstünlige ýetmegiň esasy ýollarynyň biridir.

  1. Dost saýlamaklyk hem adamyň durmuşdaky üstünligine täsir eder.

Dostluk hakda belki-de ýüzlerçe makala, hekaýa okandyrys. Bu ýerde diýiljek bolýan zat, dogry dost saýlamaklyk diňe bir “ Ýalňyşdan goranmak üçin” diýip pikir etmek dälde, durmuşyňdaky dogry gurlan dostlar bilen dogry işleri ýerine  ýetirmek üçin ýygnanşyp, maslahatlaşyp durmak hem üstünlge ýetmegiňe has hem täsirlidigini görkezýär.

  1. Iň gowusy boljak bolmak üstünlige ýetmegiň öňündäki päsgelçilikleriň ýene biridir. Bu düşünjeden halas bolmaga çalşyň!

Etjek bolýan işiňizde iň gowusy bolmak zerur däldir. Elbetde başarsaňyz bolup hem bilersiňiz, emma başarmaýan bolsaňyz edýän işiňizi orta ýolda taşlamak nädogrudyr. Esasy zat adamlaryň sizden nämä garaşýanlygy şeýle-de öz-özüňizden nämä garaşýanlygyňyzdadyr.Belki-de dünýa belli adamlaram ilkibadalar edýän işlerinde iň gowusy bolan däldirler.

  1. Ruhy taýdan saglygy ýerinde bolmaýan adamlar üstünlige ýetip bilmezler.

Durmuşda üstünlige ýetmek üçin öz saglygymyza-da üns bermegi hem unutmaly däldir. Yzygiderli üstünlige we maksada gönügip, maşgalamyza, dost-ýarlarymyza, özümize wagt aýyrmasak üstünlige ýetmek başartmaz. Belli bir wagtdan soňra adam psihiki taýdan ýadap, ýola goýan işlerinden gaçmak islegi döräp biler.

Gysgaça üstünlige ýetmegiň ýollary:

  1. Netije çykarmak
  2. Bahana döretmezlik
  3. Öňüňde maksat goýmak
  4. Özüňi tanamak
  5. Meýilnama düzmek
  6. Herekete geçmek
  7. Ruhdan düşmezlik
  8. Dogry dost, dogry adamlar bilen aragatnaşyk saklamak
  9. Iň gowusy bolmaga çalyşmazlyk
  10. Saglygyňa üns bermek

Gülälek Söýeşowa

Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet uniwersitetiniň magistraturasynyň 1-nji ýyl magistranty

 

TOPH gaz geçirijisi taslamasy Owganystanda täzeden başlaýar

 

 

Ýene-de okaň

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi