Russiýanyň “Zenit” toparynyň hüjümçisi Artem Dzýuba ýurduň futbol taryhynda iň köp gol geçiren futbolçy boldy. Ol 20 ýylk bu rekordy özünde saklan “Rotor” toparynyň ozalky futbolçysy Oleg Weretennikowdan öňe saýlandy.
Oleg Weretennikow futbol oýnan döwründe 143 gol geçiren bolsa, Artem Dzýubanyň gollarynyň sany 144-e deň boldy.
14,5 ýyl mundan ozal ilkinji goluny geçiren Dzýuba 2006-njy ýylda futbol durmuşyna “Spartak” toparynda başlady. Şondna soňra ol Russiýanyň çempionatynda 373 duşuşyk geçirip, şol duşuşyklarda geçiren gollarynyň sany 143-e deň boldy.
Ol 2015-nji ýylda Russiýanyň soňky ýyllardaky iň güýçli topary hasaplanýan “Zenit” toparyna geçdi we gollarynyň agramly bölegini bu toparyň düzüminde döwründe geçirdi. Ol bu topar bilen birnäçe kuboklar we rekordlar gazandy. Ol iki gezek çempionatyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.
Düýn oýnalan “Zenit” – “Dinamo” toparynyň arasyndaky duşuşykda tapwutlanan Dzýubanyň bu goly onuň 15 ýyllyk futbol durmuşyndaky 144-nji goly boldy. Şeýlelikde, ol Russiýanyň futbol taryhyndaky iň köp geçiren futbolçy bolmagy başardy.
Oleg Weretennikow 2009-njy ýylda futbol durmuşyny tamamlapdy. Ol 1992-2009-njy ýyllarda “Rotor” toparynda çykyş edipdi.