SPORT

Merkezi Aziýa ýurtlary futbol ýaryşlaryny gurnamagy meýilleşdirýär

Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Kul şäherinde Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol assosiasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bi barada Gyrgyz futbol birleşiginiň metbugat gullugy habar berýär.

Bu duşuşyga Gyrgyz futbol birleşiginiň ýolbaşçysy Mederbek Sydykow, Gazagystanyň futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Adlet Barmenkulow, Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow we Özbegistanyň futbol assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti Rawşan Irmatow gatnaşdy.

Taraplar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, infrastrukturalary gowulaşdyrmak, hünärmenleriň mümkinçiligini ýokarlandyrmak, ýeterlik maliýe serişdelerini üpjün etmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem bu duşuşyga gatnaşyjylar bilelikde halkara derejesinde dürli ýaşdaky toparlaryň arasynda ýaryşlary gurnamagyň mümkinçiliklerine seretdiler.

Mundan ba-ga-da, birek-biregi hemmetaraplaýyn goldamak, yzygidelri maglumat hem-de tejribeleri paýlaşmak babatda ylalaşdylar. Merkezi Aziýa döwletleriniň futbol jemgyýetçiliginiň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň derejesini täze derejelere çykarmaga ygrarlydyklaryny mälim etdiler.

Duşuşygyň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekip, bu resminamanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda futbolyň ösdürilmegi babatda iş alyp barjak iş topary üçin binýat bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy