SIZDEN GELENLER

23-nji oktýabr – Halkara Mol sanynyň güni

Dünýä ýüzündäki ähli himikler, fizikler we ugurdaky beýleki hünärmenler tarapyndan her ýylyň 23-nji oktýabrynda Halkara Mol sanynyň (Awogadro hemişeligi) güni bellenilýär. Bu sene resmi däl ýagdaýda bolup, maglumata görä, amerikaly M.Oýler birnäçe ýyl ozal ylmy žurnallaryň birinde möhüm bir ylmy ýazgyny okaýar we şol gyzyklanmasynyň esasynda 1991-nji ýylda şahsy milli mol fonduny döredýär. Aslynda bu günüň senesi-de gyzykly, ýagny Awogadro hemişeliginiň aýratynlygyna esaslanyp, baýramy bellemek däbi (6,02* 23.10 senesi güni (6.02-18.02 sagat arasynda) geçirilýär.

1811-nji ýylda italiýan alymy A.Awogadro tarapyndan girizilen mol sany 1971-nji ýylda Halkara birlikleriň sanawyna girizildi. Halkara birlikleriň sanawy ştab-kwartirasy Fransiýada ýerleşýän Halkara agram we ölçeg birlikleri birleşigi tarapyndan tassyklandy. Gurama dürli ýurtlardan 18 agzadan ybarat bolan toparyň gözegçiligi astynda işleýär.

Bu senede dünýä himikleri, fizikleri bu ugra degişli meseleler babatda gürrüňdeşlikleri geçirýärler, teleýaýlymlarda tematiki wideo ýazgylar ýaýlyma berilýär we bu senäniň ähmiýetini açyp görkezýär. Şeýle-de köp sanly ýurtlarda bu senä bagyşlanyp milli himiýa hepdelikleri, ylmy işleriň sergileri gurnalýar, konferensiýalar geçirilýär.

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

 

24-nji oktýabr – BMG-niň döredilen güni

Ýene-de okaň

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi