Abulkasym Mansur Hasan Firdöwsi takmynan, 933-nji ýylda Horasanyň gadymy şäheri Tusda daýhan maşgalasynda eneden dogulýar. Ol pars edebiýatynyň dünýä belli wekilidir. Şahyryň çagalyk we ýetginjeklik ýyly barada maglumat ýok diýen ýalydyr. Beýik akyldar öz döwründe arap, pars dillerinde çuňňur we giň ylym-bilim alypdyr.
Firdöwsiniň ”Şanama” eseri häzire çenli dünýä edebiýatynyň taryhynda bir adam tarapyndan döredilen iň uly şahyrana eposdyr. Şanama mesnewi galybynda ýazylyp, möçberi boýunça juda uly eserdir. Göwrümi boýunça ondan uly diňe hindileriň “Mahabharatasy” eposy bar, ýöne hindileriň bu eposy bir däl-de birnäçe adamyň döreden eseridir. “Şanama” 60 müň beýtden, 120 müň setirden bolup, Eýranyň 53 hökümdarynyň patyşalyk eden döwrüni öz içine alýar. Şahyr poemasyny şalyklar baradadygyny öňe sürse-de, edebiýatçylar awtoryň ulanan çeşmelerine laýyklykda, ony üç sany uly ugra – mifologik, rowaýaty we taryhy şahalara bölýärler. Şanamanyň döreýşiniň syryny bilmek üçin Firdöwsiniň terjimehaly bilen baglanyşykly 2 sany meseläni görkezmek manyly bolar. Birinjiden şahyr bu beýik eposyny 40 ýaşyndan soň ýazyp başlapdyr. Bu maglumatda alymyň zehininiň syry görünýär. Giň ýaýran düşünjä görä hyjuwly, ýagny hakyky poeziýa juwanlygyň paýy bolup, ol diňe 40-a çenli ömürde döredilýär. 40-dan soň duýgunyň ornuna akyl gelensoň, janly poeziýany döretmek mümkin däl diýýärler. Emma “Şanamanyň” döreýiş taryhy bu pikiri ýalana çykarýar. Has dogrusy ýalana çykaranok-da düzediji anyklyk girizýär. 40-dan soňam çyn poeziýa mümkin, eger ýüregiňde juwanlyk hyjuwy we gyzgyny köşeşmän, sowaşman ýaşaýan bolsa!
Bu äpet epopeýasyny ýazmak üçin 40-na çenli maglumat ýygnap gezen Firdöwsä oňa doly ýazyp tamamlamak üçin bolsa, 35 ýyl gerek bolupdyr. Hakykatdanam, ömür kitaby ömürboýy ýazylan kitap bolýar. Şahyr gün görüp ýaşamandyr, Şanamany ýazyp ýaşapdyr. Ol ömür bile ýaşamandyr, ol Şanama bilen ýaşapdyr.
Dünýä edebiýatynyň ösüşine ägirt uly goşant bolan “Şanama” türkmen klassyky şahyrlarynyň hem arasynda meşhur bolupdyr. Andalyp, Azady, Magtymguly, Seýdi, Zelili we beýleki görnükli şahyrlarymyz Şanamadan görelde alyp, Firdöwsini özleriniň halypasy hasaplapdyrlar. Muny beýik Magtymgulynyň
Abu Sagyt Omar Haýýam Hemedany,
Firdöwsi Nyzamy, Hafyz permany,
Jelaleddin Rumy Jamy elnany
Alarnyň ýanynda men hem san bolsam
– diýen setirleri tassyklaýar.
Abulkasym Firdöwsiniň Şanamasy dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzlarynyň biri bolup, ol ussatlygyň, kämilligiň simwolyna öwrüldi. Firdöwsiniň öz ýaşan zamanynda onuň zehinine ýokary baha berlip hatyrasy belent tutulypdyr.
Pars dilinde ýazylan “Şanama” eposy dünýäniň köp dillerine terjime edilen iň uly kitapdyr. Dünýä belli şahsyýetlerden nemes edebiýatyny esaslandyryjy wekil Gýöte Şanama beýik baha bermek bilen beýik fransuz şahyry Wiktor Gýugonyň “Günbatar ýazyjysynyň gündogar diwany” atly goşgular ýygyndysynyň birinde şahyry beýiklik bilen wasp etmegi, meşhur nemes şahyry Genrih Geýne Firdöwsiniň durmuşy we garyplygy hakda gürrüň bermegi, fransuz şahyry Fransua Kuperen ajaýyp eserlerinden biri bolan Firdöwsiniň mazaryna zyýarat etmegi barada hekaýa ýazmagy beýiklikdir. Gündogaryň beýik danalary Sagdy, Haany Tebrizi, Omar Haýýam, Naser Hosrow, Saad Salman Masud, Osman Anwari, Hafez, Jamy, Ibn Ýamyn, Mirza Abdylla Şokuhi, Nyzamy Genjewi, Aýatolla, Saad al-Din Warawin, Ibn Bibi, Ibn Athir, Magtymguly we beýleki şahsyýetler eserleriniň käbirinde Şanamadan ugur alypdyrlar.
“Şanama” eseriniň monumentallygy we ägirtligi barada şeýle diýip bolar: ony okanyňda, okyjy özüni ummanyň girdabyna düşen ýaly duýýar. Wakalaryň bimöçberliginden pikirleriň çuňlugyndan, eseriň estetiki jadylaýjylygyndan ýaňa ol hopugyp gidýär. “Şanama” bir adamyň ýazandygyna ynanmak kyn diýilýän eserleriň hilindendir. Muny ýazmagyň hötdesinden gelmek üçin hakyky milli şahyr, onda-da adamzat dünýä taryhynda uly orun eýelän, uly halkyň milli şahyry bolmak gerek. Milli şahyr diýmek bolsa, degişli milletiň bütin ruhy hem estetiki energetikasyny bir ömürde, bir göwrede jemläp bilen şahyr diýmekdir.
Arzuw Setdarowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň mugallymy.