SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýäde çagalar nähili sanjym edilýär?

Çagalaryň we ýetginjekleriň koronawirusa garşy sanjymy ýakyn wagtda Russiýa döwletinde hem başlap biler. Degişli synaglar iýun aýynyň başyndan bäri dowam edýär. Saglygy goraýyş ministrligi sentýabr aýynda sanjymy bellige almak üçin zerur resminamalary kabul etdi. Hytaýda-da ýaş çagalara sanjym etmäge rugsat berildi.

Daşary ýurtlarda kämillik ýaşyna ýetmediklere ýaz paslynyň ahyryndan bäri sanjym edilýär. Bu bäş aýyň içinde köp ýurtlarda 12 ýaşdan uly ýetginjekleriň ýarysyndan gowragy sanjym edildi. Şeýle-de bolsa, sanjym çäreleri hemme ýerde başgaça alnyp barylýar: käbir ýerlerde diňe hroniki keseller bolan ýagdaýynda sanjym edilýär, käbir ýerlerde bolsa diňe bir dozany ulanýarlar.

Maý aýynda ABŞ-da we Kanadada kadalaşdyryjylar 12 ýaş we şondan uly ýetginjekler üçin “Pfizer/BioNTech” sanjymyny ilkinji bolup tassykladylar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýetginjeklere sanjym çäresi koronawirusyň “delta” görnüşi bilen baglanyşykly keseliň köpelmeginden soň başlady we ähli ýetginjekleriň ýarysyna golaýy sanjym edildi. Olara üç hepde aralykda iki sanjym edilýär.

Iýun aýynyň ahyrynda ýetginjeklere sanjym edip başlan Ysraýyl, dört ýaşdan uly çagalara sanjym etmäge taýýarlanýar.

Ýewropa sebitinde  Ispaniýa we Daniýa ýaly ýurtlarda 12 ýaşa çenli ýaşaýjylaryň takmynan 60% -i sanjym edildi.

Norwegiýada 12-15 ýaş aralygyndaky çagalara birinji doza sanjymlary edildi. Diňe töwekgelçilik toparlaryna sanjym etmegi maslahat berýän Niderlandlarda 21-nji sentýabrda 1,1 milliondan gowrak ýetginjek azyndan bir dozany aldy.

Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde kämillik ýaşyna ýetmediklere sanjym etmek üçin ene-atalaryň ýa-da kanuny hossarlaryň rugsady talap edilýär.

 

Kiwiniň adam saglygyna edýän täsirleri

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!