SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa 32-nji uçar gatnawy amala aşyryldy

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda bellenilýär.

Şu gün, ýagny 24-nji dekabrda Türkmenabadyň halkara howa menzilinden Moskwanyň “Domodedowa” howa menziline 32-nji ýörite gatnaw amala aşyryldy. Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy tarapyndan tamamlanyp barýan ýyldaky soňky ýörite gatnawdan 196 ýolagçy peýdalandy.

Russiýanyň ilçihanasynyň goldaw bermeginde koronawirus ýokanjy sebäpli togtadylan halkara uçar gatnawlaryndan soňra ýörite gatnawlar gurnalyp başlandy.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem yzygiderli habar berşimize görä, Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy tarapyndan 2020-nji ýylyň martyndan häzirki güne çenli 32 gatnaw amala aşyryldy.

Bilşiňiz ýaly, soňky aýlarda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýörite gatnawlary ýygylygy hem artdyryldy. Her aýda azyndan 3-4 gatnaw ýerine ýetirildi.

Şol bir wagtda koronawirus pandemiýasy döwründe Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem ýörite gatnawlary ýerine ýetirdi.

Russiýa Türkmenistandan alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrýar

Russiýa Türkmenistana 10 müň doza “Sputnik Laýt” sanjymyny iberer

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy