Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlaýar.
Döwlet Baştutanymyz resmi saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirer. Şeýle-de, giňişleýin düzümde geçiriljek duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, beýleki birnäçe ugurlarda, hususan-da, senagatda, oba hojalygynda, ylymda hyzmatdaşlygy ösdürmage aýratyn orun berler.
Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça iki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.
TÜRKMEN-ÖZBEK STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY DOSTLUGA DAÝANÝAR
Özbegistanyň resmi habarlar gullugynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň öňýanynda “Özbek-Türkmen strategiki hyzmatdaşlygy dostluga we ynama esaslanýar” diýip makala çap edilipdir.
Şol makalada türkmen-öznek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlary barada syn berlipdir.
- Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrdy we şol saparda “Strategik hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyga” gol çekilipdir. Şeýle hem 150 million dollar möçberinde şertnamalar gazanylypdy.
- 2018-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynda Daşkent şäherinde “Aşgabat” seýilgähi, Horezm welaýatynda türkmen-özbek dostluk öýi açylypdy.
- 2020-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky Parlamentara dostluk toparynyň ilkinji bilelikdäki mejlisi geçirilipdi. 2021-nji ýylyň martynda Parlamentara dostluk toparynyň onlaýn duşuşygy bolupdy.
- Türkmenistan Özbegistanyň esasy strategik söwda hyzmatdaşydyr. 1996-njy ýyldan bäri htürkmen-özbek hökümetara topary hereket edýär. Şu ýylyň 16-njy sentýabrda şol toparyň 16-njy mejlisi geçirildi.
- Soňky 5 ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 2,5 esse artyp, 2020-nji ýylda 527 million dollara deň boldy.
- 2021-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 418,1 million dollara deň boldy.
- Özbegistandan Türkmenistana himiýa önümleri, maşyn we tehnikalar, azyk önümleri iberilýär. Türkmenistandan bolsa, energiýa serişdeleri, nebit önümleri hem-de himiýa önümleri satyn alynýar.
- Iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem ösdürilýär. Geçen ýylyň oktýabrynda türkmen-özbek işewürler geňeşiniň mejlisi geçirildi we 30-dan gowrak hususy pudgayň wekilleri dürli ugurlar boýunça özara pikir alyşdylar.
- Türkmenistan bilen Özbegistanyň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamy aýratyn orun eýeleýär.
- 2021-nji ýylyň sekiz aýynda halkara ýük daşamagyň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,5 göterim ýokarlandy we takmynan 1,2 million tonna boldy.
- Özbegistanda 200 müňe golaý türkmen ýaşaýar.
- Türkmen milletinden bolan 8 müňden gowrak çaga türkmen dilini öwredýän 61 mekdepde okaýar, şolardan 21 mekdebi tutuşlygyna türkmen dilinde okadylýar.
- Türkmenistandan gelen talyplaryň esasy topary Urgenç, Garagalpak, Buhara we Karşi döwlet uniwersitetlerinde, Buhara döwlet lukmançylyk institutynda, Daşkent lukmançylyk akademiýasynyň Urgenç bölüminde okaýar.