DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň 100-nji Premýer-ministri belli boldy

Fumio Kisida Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri boldy. Ol bu wezipäni eýelän 100-nji ýapon syýasatçysy bolar.

Ýapon parlamentiniň esasy aşaky palatasy Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal-demokratik Partiýasynyň (LDP) başlygy Fumio Kisidany ýurduň 100-nji Premýer-ministri wezipesine saýlady.

Ses berişligiň netijesinde Kisida 458 sesden 311-sini aldy. Ýaponiýanyň Konstitusiýa Demokratik partiýasynyň lideri Ýukukio Edano 124 ses aldy.

Kisida 29-njy sentýabrda dolandyryjy partiýanyň başlygy wezipesine girişdi. Täze ýolbaşçynyň saýlanmagy, geçen ýyl Sindzo Abeniň işden çekilmegi sebäpli bu wezipä bellenen Premýer-ministr Ýosihida Suganyň möhletiniň gutarmagy bilen baglanyşykly geçirildi.

Funio Kisida 2012-2017-nji ýyllarda ýurduň daşary işler ministri bolup zähmet çekdi.

 

Özbegistan Türkmenistanyň Prezidentine garaşýar

Related posts

YHG-niň 17-nji Sammitiniň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi

Ilon Mask Nobel baýragyna dalaşgär görkezildi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy