BIZNES

Daşkentde türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi

Türkmen-özbek ykdysady forumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň çäginde Daşkende geçirildi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň esasy ykdysady ministrlikleriniň we müdirlikleriniň, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylary, wekilleri iki goňşy döwletde senagat, energiýa, oba hojalygy we ulag pudagyna maýa goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady forumyň barşynda Türkmenistan we Özbegistan wekiliýetleriniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi, olaryň barşynda anyk maýa goýum taslamalary we ykdysady pudakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen-özbek ykdysady forumynyň çäginde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy hem geçirildi.

 

4-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

«Altınyıldız» Aşgabatda dükan açdy

Ata Watan Eserleri

2024-nji ýylda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar

Rus kompaniýalary Türkmenistanda bilelikdäki önümçilige gyzyklanma bildirýär