TEHNOLOGIÝA

Hytaýda çagalara “TikTok” çäklendirmesi

Hytaý döwleti internet endiklerine garşy göreşmek üçin täze ädimler ädýär. Hytaýda kabul edilen täze karara görä, “TikTok” wideo programmasynyň hytaý görnüşi bolan“Douyin”-e çagalar üçin belli bir möhlet girizildi.

Çäklendirmelere görä, 14 ýaşdan kiçi çagalar diňe “Douyin”-e 40 minut sarp edip bilerler. Çagalar bu programma 6:00-22:00 aralygynda girip bilerler. Düzgünler hakyky ady tassyklanan ulanyjylara degişlidir. Şol sebäpli “Douyin” programma eýeçilik edýän, “ByteDance” kompaniýasy ene-atalardan çagalaryna hakyky adyny tassyklamak işini tamamlamagyny haýyş etdi. Hytaýda birnäçe gün öň, onlaýn oýunlar üçin wagt çäklendirmeleri hem girizilipdi.

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralary

 

Related posts

Ähli habarlaryň jemlenen ýeri: Türkmenistan Habar

Ata Watan Eserleri

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar

“Audi” kompaniýasy Hytaýda zawod gurýar

Ata Watan Eserleri