TEHNOLOGIÝA

5G bolan isleg artýar

Dünýäniň dürli künjeklerinde 5G bolan isleg barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda 5G bolan isleg geçen ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli artdy. “Global Mobile Suppliers Association”-yň maglumat bermegine görä, häzirki wagtda 5G ulgamy dünýäniň 38 döwletinde elýeterli. Şu ýylyň iýul aýyna çenli 126 ýurtda we sebitde 392 operator 5G-e maýa goýýandyklaryny mälim edildi.

5G ösüş bazarynda birnäçe kompaniýa saldamly goşant goşýar. Şeýle-de bolsa, “Huawei”, “Ericsson” we “Nokia” kompaniýalary beýlekilerden tapawutlanýar.

“Ericsson”-yň resmi web sahypasyna görä, häzirki wagtda kompaniýanyň 100 sany 5G söwda şertnamasy bar. Mundan başga-da, “Nokia” güýçli ösüş depginini görkezip, dünýäde 50 sany 5G söwda şertnamasyna gol çekdi. Şertnama irki 5G operatorlarynyň köpüsini öz içine alýar we olaryň 16-sy häzirki wagtda ýola goýlandyr.

 

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar