SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Covid-19: Täze sanjym Türkiýede barlagdan geçiriler

Häzirki wagtda koronawirus ýokanjyna garşy sanjym öndürmek, ösdürmek babatda birnäçe kompaniýa ägirt uly işleri alyp barýar. Ynha şeýle sanjymlaryň biri Germaniýanyň “BioNTeck” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan “Covid-19” sanjymynyň belli bir Türkiýede meýletin adamlarda barlagdan geçiriler. Dünýäde Covid-19 garşy sanjymlary ösdürmek boýunça gözlegler Germaniýanyň biotehnologiýa kompaniýasy bolan “BioNTech” bilen ABŞ-nyň derman öndüriji ägirdi bolan “Pfizer” bilen bilelikde amala aşyrylýar. Sanjym “BNT162ö” diýip atlandyryldy. Sanjym 30 müň adamda barlag edilip, birnäçe tapgyrda dünýäniň dürli ýurtlarynda geçiriler.

Stambul Lukmançylyk fakultetiniň dekany, professor Tufan Tükek “DHA”-daky beýanatynda, ähli zat ugruna bolsa, sanjym noýabr aýynda satuwa çykaryljakdygy aýtdy. Sanjymyň şowly çykmagy üçin kompaniýanyň hünärmenleri sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Related posts

Germaniýa Hindistanda kislorod önümçiligini ýola goýdy

Dubaýa wiza almak üçin gerekli resminamalar

Pandemiýa 9 adamy milliarder etdi

Ata Watan Eserleri