TEHNOLOGIÝA

Taryhdaky iň agyr galyndy

Halkara kosmos stansiýasyndan düzüminde köne batareýalar bolan 2,5 tonnalyk platforma aýrylyp taşlanyldy. Şeýlelikde, stansiýa taryhyndaky iň agyr galyndydan halas boldy. Bu barada NASA-nyň resmi web saýty habar berýär.

2020-nji ýylyň maý aýynda Ýaponiýanyň HTV-9 älem gämisi bilen stansiýa täze batareýaly platforma çykarylypdy. Şeýlelikde, stansiýanyň Amerika degişli bölümindäki köne batareýalar täzeleri bilen çalşyryldy.

Köne batareýalar bilen işlän platforma bolsa SSRMS uzakdan dolandyryjysy arkaly kabul edilip, Halkara kosmos stansiýasynyň çäklerinden uzaklaşdyryldy.

Şeýlelikde, bu platformaälem giňişligindäki iň agyr galynda öwrüldi. Şeýle-de bolsa, ol wagtyň geçmegi bilen Ýeriň atmosferasynyň täsirine duçar bolup, ýanyp, dargap gider.

 

Beýik Britaniýanyň “JCB” kompaniýasy bilen ylalaÅŸyk baglaÅŸyldy

 

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi