DÜNÝÄ

Türkiýe we Russiýanyň bilelikdäki taslamasy

Ýakynda Türkiýede «Akguýy» atom elektrik stansiýanyň üçünji blogynyň gurluşygyna badalga berildi. Ol türk we rus hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Täze gurluşygyň düýbüniň tutulyş dabarasyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Rus Lideri öz çykyşynda iki ýurduň hünärmenleriniň ― alymlarynyň, inženerleriniň we işçileriniň birleşen tagallalarynyň netijesinde bu desganyň gurluşygynyň öz wagtynda amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi. Türkiýäniň Prezidenti bolsa munuň üçin ýurduň Hökümetiniň ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Rus we türk Liderleri öz çykyşlarynda koronowirus pandemiýasynyň hem bu iri taslamany durmuşa geçirmek işini bökdäp bilmändigine ünsi çekdiler. Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, desga 2022-nji ýylda ulanylmaga berler.

 

2021-nji ýylda 2100 tonna pile taýýarlanar

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy