DÜNÝÄ

Russiýadaky saýlawlarda “Ýedinaýa Rossiýa” öňde barýar

Russiýada Döwlet Dumasy boýunça saýlawlar geçirildi. Pandemiýa sebäpli saýlawlar 3 gün geçirildi. Ýurduň Prezidenti Wladimir Putin hem-de Hökümet baştutany Mihail Mişustin onlaýn tertibinde ses berdi.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli saýlawlarda hem onlaýn hem-de adaty ses bermek usulynda ses bermäge mümkinçilik berildi. Ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda müňlerde saýlaw uçastoklary döredildi.

Russiýanyň Merkezi Saýlaw toparynyň despalky maglumatyna görä, sesleriň 50.02 göterimi barlandy. Şu ýagdaýda “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy 46,11 göterim, KPRF partiýasy 21,40 götyerim, LDRP partiýasy 8,07 göterim, “Sprawedliwaýa Rossiýa” partiýasy 7,62 göterim, “Nowyý lýudi” partiýays bolsa 5,97 göterim ses aldy.

Bu saýlawlar bilen bir hatarda käbir sebitleriň ýaşaýjylary kanunçylyk mejlisleriniň wekillerini, sebitleriň we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylaryny hem saýladylar.

Saýlawlara 55 ýurtdan 250-ä golaý halkara synçylar gatnaşdy.

Döwlet Dumasy deputatlar  bäş ýyllyk möhlete saýlanýar: 225 deputat – partiýalaryň sanawyna görä, şol bir mukdarda – bir mandatly saýlaw okruglaryndan saýlanyp alynýar.

 

Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekıldi

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi