IŞ ORUNLARY & TENDERLER

“Petronas”: dalaşgärleri işe çagyrýar

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy aşakdaky hünär boýunça dalaşgärleri işe çagyrýar:

Türkmenbaşyda — Gyýanlyda işlemek üçin hünärmen (gurluşyk)

Ähli dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

  1. Bilimi: inženerçilik boýunça ýokary bilim hökman bolup durýar.
  2. Iş tejribesi: nebitgaz ýa-da nebithimiýa senagatlarynyňgurluşyk pudagynda 3 ýyldan 5 ýyla çenli degişli iş tejribesi bolmaly. Gözleg-agtaryş, işläp taýýarlaýyş we gazyp alyş pudagynda, aýratyn-da, gurnama, birikdirme we işe girizmek boýunça tehniki başarnyklary bolmaly.
  3. Dil ukyplary: türkmen, iňlis, rus dillerini erkin bilmeli.
  4. Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasy.

Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki edara jaýynda şu salgy boýunça alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaýy (Blok “B”).

Doldurylan sowalnamalar iş barada bildirişiň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, “PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny we tabşyrýan wezipesini görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk bolan dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

 

13-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär

“PETRONAS Çarigali”: ökde hünärmenleri işe çagyrýar

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy: biz iş tejribeligine çagyrýarys!