BIZNES

Girdejisi 65 esse artdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Moderna Inc» kompaniýasy koronowirusa garşy waksina işläp taýýarlap, şu ýylyň ikinji çärýeginde girdejisini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende 65 esse artdyrdy. Şeýlelikde, kompaniýanyň arassa girdejisi 3 milliard dollara barabar boldy.

Mälim bolşy ýaly, ýylyň ikinji çärýegi 30-njy iýunda tamamlanýar. Aprel ― iýun aýlary aralygynda kompaniýa 4,4 milliard dollar girdeji aldy. Geçen ýyl bolsa şu aralykda 67 million dollarlyk girdeji hasaba alnypdy. Ýylyň birinji ýarymynda geçen ýyl 75 million dollar girdeji alnan bolsa, bu ýylky girdeji 6,3 milliard dollara ýetdi.

«Moderna» ABŞ-da tassyklanan we bütin dünýäde giňden peýdalanylýan waksinadyr.

Awaza: Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň duşuşygy

 

 

 

Related posts

Balyk hojalygy ulgamynda bilelikdäki kärhana gurmak isleýänlere

vepa

Tehnologýa ägirtleriniň awtoulag maýa goýumlary

Ata Watan Eserleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamy döwrebaplaşdyrylar

Ata Watan Eserleri