Dünýädäki planşet bazary gün-günden giňelmäge dowam edýär. Hytaýly iki sany telefon şereketleri OPPO we VIVO hem bu bazara giren şereketleriň arasynda öz ýerlerini alarlar.
OPPO we VIVO telefon öndürýän şereketleri bu ýyl planşet öndürmäge başlajakdyklaryny habar berdiler. Bu şereketler şu ýylyň dowamynda 3 sany planşet öndürip, planşet bazaryna girerler.
Bilşimiz ýaly, dünýädäki planşet bazary geçen ýyldan başlap giňelmäge başlady. Pandemiýanyň durmuşymyza girmegi bilen karantinalar sebäpli adamlar öýde has köp wagt geçirmäge başladylar. Şol sebäpli okuwçylar-da öýde galyp, elektron sapak almaga başladylar. Sanly sapaklara goşulan okuwçylar hem, esasan planşet ulanmagy makul görýärler.
Planşet bazary häzirem giňelmäge dowam edýär we meşhur telefon şereketleri artan talaplara jogap bermek üçin täze planşetleri öndürmegiň üstünde işleýärler. OPPO we VIVO telefon şereketleri-de şolaryň arasynda ýer alýar. Häzirki wagtda VIVO şereketi 2 sany, OPPO şereketi bolsa 1 sany planşeti öndürmegi meýilleşdirýärler.
Ýeri gelende bellesek, bu ýylyň dowamynda Realme şereketiniň hem planşet öndürip, satuwa çykarmagyna garaşylýar. Bu planşet Realme Pad diýlip atlandyrylar.
OnePlus şereketi-de OnePlus Pad atly planşeti öndürmek üçin patent aldy. Ýöne, OnePlus şereketiniň täze planşetini haçan satuwa çykarjakdygy barada şereket tarapyndan maglumat paýlaşylmady.
Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby.