S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ TÜRKMENABAT AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.
2. Agronomçylyk.
3. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
4. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
5. Gidromeliorasiýa.
6. Weterinariýa.
7. Ýer ulanylyşy.
8. Maglumat ulgamlary.
9. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi.
10. Dokma önümçiligi.
11. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy.
12. Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.
13. Atçylyk.
14. Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy.
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda
alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12-nji iýuly — 14-nji
awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan
bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň
kepil haty;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan
peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat ş.) 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 21-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünärler: oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi;
atçylyk; agronomçylyk; weterinariýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: dokma önümçiligi; tikin önümçiliginiň tehnologiýasy; pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy; dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy — himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy; hünärler: oba hojalygynyň mehanizasiýasy; gidromeliorasiýa; maglumat ulgamlary; ýer ulanylyşy — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy; hünärler: buhgalterçilik hasaba alnyşy; ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw
maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary
döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen
wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul
edilmek üçin artykmaç hukukdan:
— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary
netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen
düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Zelili köçesi, 1a, tel.: 9-88-12, 9-89-56, 9-87-71.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!
Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
“Makul Terjime” telefony:
+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401
E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com