DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Kuweýt ilçisi wezipesine girişdi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabaha Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki (oturýan ýeri Abu-Dabi ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Köşgünde geçirildi.

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministrine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabah, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna parahatçylyk we rowaçlyklar baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle-de kuweýt tarapynyň sebit we halkara gün tertibinde durýan wezipeleri çözmekde işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Aşgabat şäherine täze häkim

Ýene-de okaň

R.Meredow Malawiniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Tramp atyrlaryny mahabat etdi

Aşa yssy sebäpli Fransiýada 1300-den gowrak mekdep ýapylýar

Rekord derejede yssy howa

Sebitara hyzmatdaşlygyň täze sahypasy Awazada açylar