DÜNÝÄ

Mihail Gusman: rus jemgyýetçiliginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmasy artýar

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Russiýanyň TASS habar gullugynyň baş müdiriniň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

M.Gusman Türkmenistanyň ilçisine Türkmenistana amala aşyran soňky sapary barada habar berdi, duşuşyklaryň netijeliligini belläp, saparyň dowamynda görkezilen myhmansöýerlik we ajaýyp guramaçylyk üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Russiýanyň maglumat pudagyndaky hyzmatdaşlygy barada pikir alyşyldy. Türkmen we rus halklarynyň arasynda dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we özara düşünişmegiň faktory bolup hyzmat edýän habar gulluklary we habar alyş-çalyşlary arkaly özara gatnaşyklaryň ähmiýeti bellendi.

Öz gezeginde TASS-yň baş müdiriniň birinji orunbasary rus jemgyýetçiliginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny belledi. Bu çäkde anyk meýilnamalar we hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmenistan bilen Täjigistan oba hojalygynda hyzmatdaşlyk eder

ÝUNISEF Türkmenistana täze ýolbaşçy belledi

Burj Halifada Türkmen baýdagy ýagty saçýar

Ata Watan Eserleri