JEMGYÝET

Türkmenistanyň Merkezi bankyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesinde işlän Merdan Annadurdyýew wezipesinden boşaldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen resminamalara laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň başlygy wezipesine Gadyrgeldi Müşşikow bellendi.

Ol hem ýurdumyzyň ykdysadyýet we banky toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Ýurdumyzyň syýasy durmuşyna degişli habarlary gyzgyny bilen şu gün agşam size yzygiderli ýetirip durarys.

Habarlar saýtymyza girilen wagty Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen  ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň.

 

Aşgabat şäherine täze häkim

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini Ga­raş­syz­lyk gü­ni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy