JEMGYÝET

Serdar Berdimuhamedowa täze wezipe berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Serdar Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet, bank hem-de halkara maliýe guramalary boýunça orunbasary wezipesine belledi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Şeýle hem milli Liderimiz S.Berdimuhamedowy Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşadyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminden çykaryp, ozal eýelän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlygy wezipesini hem ýapýandygyny belläp geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine Döwlet Täşliýewi belläp, ony hem şol edaranyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

 

Türkmenistanyň Merkezi bankyna täze ýolbaşçy bellendi

 

Related posts

Liderler Şirgazi Medresesini inceledi

vepa

2020-nji ýylyň iň gowy etraby belli edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi