JEMGYÝET

Umyt Bolmaly

Biz adam ahyry adam bolmaly

Bizde ynam, arzuw umyt bolmaly

Şol arzuwlar şol ynamlar bilenem

Pesde bolsak biz ýokaryk galmaly

 

Edýän işimiziň has ulydygyn

Bilsegem biz käte dönemzok yza

Ýollarymyz sürçek bolsa bolaýsyn

Namardyň öňünde çökmeris dyza

 

Bizde umyt, bizde giden arzuw bar,

Umytsyz, arzuwsyz durmuş juda dar

Daşaryk seretdim ýagýar akja gar

Ak gar kimin adamlara ýürek zar

Kakajan Alyýew

 

 

Related posts

Türkmenistan bilen Hindistan maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Sanawda bolmaýan, ykrar edilýän ýokary okuw jaýlar

vepa

«Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny taýýarlanýar