JEMGYÝET

Oraza baýramynyň 30-njy martdaky dynç güni 31-nji marta geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 30-njy martda Oraza baýramynyň bellenilip geçiljekdigini we 30-njy martdaky dynç gününi 31-nji marta — duşenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bu resminama Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.

Resminama laýyklykda, şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Related posts

Turkmen-Korean political consultations were held

vepa

Tatarystandan Türkmen Liderine hoşallyk haty

Ata Watan Eserleri

«Gerkules» multfilmi täzeden dörediler

Ata Watan Eserleri