JEMGYÝET

Türkiýe Respublikasynyň ministri Türkmenistana sapar bilen geldi

Türkiýe Respublikasynyň maşgala we durmuş hyzmatlary ministri Mahunir Özdemir Göktaş Türkmenistana sapar bilen geldi. Türkiýäniň ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyna gatnaşar.

Türkiýe Respublikasynyň maşgala we durmuş hyzmatlary ministri Mahunir Özdemir Göktaşyň ýolbaşçylygynkday wekiliýeti Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hem-de Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok garşy aldy.

Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkiýe Respublikasynyň maşgala we durmuş hyzmatlary ministri Mahunir Özdemir Göktaş bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň arasynda gysga duşuşyk geçirildi.

Related posts

Türkiýäniň esaslandyryjysy Atatürk Aşgabatda ýatlandy

Türkmenistan Hytaýdan “COVID-19” sanjymyny satyn alar

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Ata Watan Eserleri