SIZDEN GELENLER

Dünýäniň täsin kitaphanalary

Liýuan kitaphanasy (Hytaý Halk Respublikasy)

Bu kitaphana Pekiniň daşyndaky kiçiräk bir obada, kölüň üstünde ýerleşýär. Bir gatdan ybarat bolan kitaphana binasynyň daşy dolulygyna diýen ýaly agaç bilen gurşalan. Kitaphananyň içinde ýerleşdirilen sowadyjylar ulgamy okyjylara rahat okamak mümkinçiligini döredýär. Bu sowadyjy kitaphananyň aşagyndaky kölden alýan salkyn howasyny binanyň içine ýaýradýar.

Beitou Halk kitaphanasy (Taýwan)

Taýwan döwletindäki bu kitaphana dünýädäki iň ýaşyl kitaphana diýsek hem ýalňyşmarys, sebäbi ýaşyl baglardyr ösümlikler bu ýerdäki kitaphana binasy bilen tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär. Şeýle hem, kitaphananyň üçeginiň ýasalyşy aýratyn ünsi çekýär. Ýagyş ýagan wagty kitaphananyň üçegindäki suwlar birigip, ýörite bu ýeriň ösümlik meýdançasyna akar ýaly edilip ýasalypdyr. Kitaphananyň ýokarsynda ýerleşdirilen güneş panelleri arkaly kitaphana gerek bolan energiýanyň öndürilýändigini-de aýtmak bolar.

Ştutgart şäher kitaphanasy (Germaniýa)

Germaniýanyň Ştutgart şäherinde ýerleşýän bu kitaphana 9 gatdan ybaratdyr. Kitaphananyň beýleki binalardan tapawudy onuň içinde kitaplardan başga ähli zadyň reňkiniň ak bolmagydyr.

Admont kitaphanasy (Awstriýa)

Bu dünýäniň iň owadan we iň uly ikinji buthana kitaphanasy hasap edilýär. Onda 200 müňe golaý kitap saklanylýar. Kitaphananyň içinden ýokary tarapyna seredeniňde, adamzat taryhynda ylmyň ösüşiniň şekilleri ýerleşdirilen. Bu bolsa binanyň bezegine aýratyn bezeg goşýar.

Willanuewa Halk kitaphanasy (Kolumbiýa)

Kolumbiýanyň iň meşhur kitaphanalarynyň biri bolan Willanuewa Halk kitaphanasy ýerli ýaşaýjylar tarapyndan hem-de ýerli materiallardan peýdalanylyp bina edilipdir. Binadaky daşlar töwerekden ýygnalypdyr, agaçlary bolsa ýakyndaky tokaýlykdan alnypdyr. Bu kitaphana ykdysady taýdan arzan hem-de bütin dünýäde uly ünsi çeken kitaphana hökmünde tanalýar.

 

Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň

Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

 

BMG Türkmenistana hemişelik utgaşdyryjy belledi

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak – ykdysadyýetiň möhüm ugry

Arkadag şäheri – bagtyýarlygyň şäheri

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Bitaraplyk – milli gymmatlygymyz

Sagdyn jemgyýetde bagtyýar nesiller

Bilim ulgamyndaky okatmagyň kämil usullary