SPORT

Russiýanyň täze tälimçisi kim bolar?

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda şowsuzlyga uçran Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisi Stanislaw Çerçesowyň wezipesinden boşadylmagyna garaşylýar. Şondan soňra Russiýanyň ýygyndysynyň tälimçisiniň kim boljakdygy hemmeleri gyzyklandyrýar.

Rus metbugatyndaky habarlara görä, Russiýanyň futbol toparlarynda tälimçilik wezipesinde işleýän Waleriý Karpiniň, Leonid slutskiniň hem-de Sergeý Semagyň tälimçi bolmakdna ýüz öwrendigini mälim edildi.

Russiýanyň Futbol Federasiýasynyň tälimçi wezipesine bellemek boýunça taýýarlan sanawynda Germaniýanyň tälimçisi Ýoahim Lew, Şweýsariýanyň tälimçisi Wladimir Petkowiç hem-de Horwatiýanyň tälimçisi Zlatko Daliç ýaly tälimçileriň ady geçýär.

Şeýle hem bu sanawda ozal “Zenit” toparyna tälim beren Andre Willaş Boaşyň hem adynyň bardygy mälim edilýär.

Mälim bolşy ýaly, germaniýaly Ýoahim Lew 15 ýyl Germaniýanyň ýygyndysyna tälim berdi. Onuň tälimçiliginde Germaniýanyň ýygyndysy 2014-nji ýylda dünýä çempiony bolup, 2017-nji ýylda Konfederasiýa kubogyny gazandy. Şeýle hem Germaniýa 2008-nji ýylda Ýewropa çempionatynyň kümüş medalynyň, 2020-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň, 2012-nji hem-de 2016-njy ýylda Ýewropa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi boldy.

Şu ýyl geçirilen Ýewropa çempionatynda Germaniýa 1/8 finaldan öýünde dolandy.

Stanislaw Çerçesow 2016-njy ýyldan bäri Russiýanyň ýygyndysyna tälim berip gelýär.

 

“PSŽ” Serhio Ramosa garaşýar

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy