SPORT

“PSŽ” Serhio Ramosa garaşýar

Fransiýanyň “PSŽ” topary Jorjinio Weýnaldumdan soňra Serhio Ramos, Janluji Donnarumma hem-de Aşraf Hakimi bilen şertnama baglaşmaga taýýarlanýar.

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyndaky sport durmuşyny tamamlan Serhio Ramos “PSŽ” toparyna geçmezden ozal, lukmançylyk barlagyndan geçmäge taýýarlanýar. 35 ýaşyndaky Ramos bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşylmagyna garaşylýar.

Ramos “Real Madrid” toparynyň düzüminde 16 ýylda 671 duşuşykda oýnap, 5 gezek ýurduň çempiony, 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Ramos toparyň ýolbaşçysy Florentino Perez bilen şertnamanyň uzadylmagy babatda ylalaşyga gelip bilmedi we topardan gitmeli boldy.

Italiýanyň “Milan” toparynyň derwezebany Janluiji Donnarumma erkin futbolçy hökmünde Fransiýanyň toparyna geçdi. Ol 2026-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy.

HAKIMI ÜÇIN 70 MILLION ÝEWRO

Fransuz topary “Inter” toparynda oýnaýan Aşraf Hakimi üçin 70 million ýewro tölemäge razy boldy. 22 ýaşyndaky bu futbolçy bilen hem 5 ýyllyk şertnama baglaşylar.

 

Ýeňilmezek Rokki 75 ýaşady

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy