BIZNES

Türkmen-ukrain işewürlik hyzmatdaşlygy berkidiler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we diplomatik gullugynyň wekilleri we işewürler gatnaşdy.

“orient.tm” internet neşirindäki habara görä, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary babatdaky pikir alyşmalara Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Gennediý Çižikow, Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Maýko, Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýew we beýlekiler gatnaşdy.

Taraplar iki ýurduň önüm öndürijileriniň önümleriniň bäsdeşligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän  logistika babatda amatly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Wideokonferensiýa gatnaşyjylar ähli ugurlar boýunça türkmen-ukrain söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we işewürlige ähli taraplaýyn goldaw bermek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

 

Içerki gündelik demir ýol gatnawlary ýola goýuldy

Related posts

Hazaryň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak taslamasy işjeňleşdiriler

Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol arkaly ýük daşalyşyny artdyrar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda “Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant” atly halkara maslahaty geçiriler