DÜNÝÄ

BMG-niň Aşgabatda yene bir wekilhanasy açyldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýene-de bir abraýly edarasynyň wekilhanasy öz işine başlady. BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasy Aşgabatda açyldy.

BMG-niň Aşgabatdaky öýünde ÝUNOPS-yň wekilhanasynyň açylmagyna bagyşlanan dabara BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Kristin Weýgand, daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň işgärleri, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan bu dabarasyna ÝUNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň müdiri Freýa fon Groote hem onlaýn tertipde gatnaşdy.

Dabarada edilen çykyşlarda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy mälim edildi. BMG-niň köp sanly düzümleriniň – Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, ÝUNISEF, ÝUNESKO we beýleki edaralarynyň Türkmenistanda wekilhanasynyň hereket edýändigi we dürli ugurlarda giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenilip geçildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň düzümleriniň köp sanlysynyň agzasy bolup durýar.

BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirligi (ÝUNOPS) Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamlary, halkara maliýe guramalary, hökümetler we dünýäniň beýleki hyzmatdaşlary üçin taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýän guramadyr. ÝUNOPS 1973-nji ýylda döredildi.

 

“Victory” brendli türkmen köýnekleri daşary ýurda iberiler

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda täze “Yutong” ýolagçy awtobuslary hyzmat edip başlady

Hazarýaka döwletleriniň ýokary derejeli iş toparynyň mejlisi Aşgabatda geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Katarda saparda bolýar

BMG-niň Baş Assambleýasy Palestina döwletiniň döredilmegini goldady

Türkmenistan Türki döwletleri guramasynyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy